Ruhubelentlige beslendi

11 Oktýabr 2023
470

Golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda «Agyz keselleriniň öňüni almakda stomatologiýanyň häzirki zaman garaýyşlary» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga gelen Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň işgärleriň hünär kämilleşdiriş, ösüş merkeziniň hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň professory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Urazmat Jumatow hem gatnaşdy. Bu ýerde guralan çykyşlarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda sanlyja ýyllarda bitirilen beýik işler hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Myhman çykyşynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitleriniň ähli Merkezi Aziýa sebiti üçin nusgalyk derejededigini, ýurdumyzyň bu ugurda uly tejribe toplandygyny aýratyn belledi. Şeýle hem, ol serginiň we ylmy maslahatyň, şular ýaly duşuşyklaryň ähmiýetiniň ýokarydygyny, tejribe alyşmakda möhüm merkez bolup hyzmat edýändigine ünsi çekdi. Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny bildirdi.

Ýörite habarçymyz.