Jana şypa, derde derman

11 Oktýabr 2023
451

Üzärlik örän peýdaly köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Ol tohumy arkaly köpelýär. Onuň tohumynyň gögerijiligi ýokary. Üzärlik idege talapkär ösümlik däl. Onuň Merkezi Aziýany we Gazagystany öz içine alýan örän giň ýaýraw meýdany bar.

Ol halk arasynda iň köp tanalýan dermanlyk ösümlikleriň biri hasaplanylýar. Üzärlik baradaky maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde jikme-jik beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, halkymyz öýleriň girelgesiniň ýokarsynda alaja bilen boglan üzärligiň bir dessesini asyp goýýar. Üzärligi dermanlyk ösümlik hem-de tumar hökmünde ulanmak täri has gadymy döwürlerden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ösümlik barada gadymy «Awesta» kitabynda hem bellenilip geçilýär. Halkymyzda tutumly işiň başy tutuljak bolnanda, öýe täze gelin gelende, täze ulag alnanda, täze jaýa göçülende, doglan bäbejik bäbekhanadan getirilende, ýatagyndaky mallary köpelen wagtlarynda «gözden-dilden, bela-beterden gorasyn» diýlip, şeýle-de maşgalada biri dümewlese, üzärlik tütedilipdir. Üzärligiň tüssesi syrkaw-sökelleri bejermekde möhüm ähmiýete eýedir.

Anwar ALLABERGENOW,
TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň hünärmeni.