Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

9 Oktýabr 2023
571

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Şoňa laýyklykda, ýurtlarymyzyň arasynda ýokary derejedäki özara saparlar amala aşyrylyp, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň bolmagy munuň şeýledigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, hut öz adyndan, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan RF-niň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Biziň gatnaşyklarymyz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar.

"Nesil".