Baş maksat — halkymyzyň saglygyny goramak

9 Oktýabr 2023
519

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Bu senäniň ählihalk derejesinde giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan mähriban halkymyzyň saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Raýatlarymyzyň sagdyn bolmagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm şertidir. Şeýle bolansoň, Diýarymyzda halkymyzyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň özboluşly milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol özboluşly nusga bolsa, halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini hem-de ählumumy saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özünde jemleýär.

Maýa MYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kadaly fiziologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.