Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

9 Oktýabr 2023
1007

Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, hut öz adyndan, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan RF-niň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.