Bagtyýarlygyň berk binýady

9 Oktýabr 2023
681

Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady berkarar döwletimizde alnyp barylýan ähli işleriň özenini düzýär. Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýän adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan işler keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýaly möhüm wezipeleri esas edinýär.

Ilatyň saglygy baradaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýandygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýene bir gezek tassyk tapdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu mejlisde sözlän çuňňur manyly sözünde: “...Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr” diýip nygtady.

Ogulbagt TAŇŇYÝEWA,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň ilkinji saglygy goraýyş işleri boýunça orunbasary, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.