Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

9 Oktýabr 2023
771

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda enäniň we çaganyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň we berkitmegiň, olary ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegiň, maşgala medeniýetini has kämil derejä ýetirmegiň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň aýrylmaz bölegidigi bellenilýär. Ilatyň ähli toparlarynyň durmuş ýagdaýyny, zenanlaryň, bäbekleriň, çagalaryň, ýetginjekleriň iýmitlenişini has-da gowulandyrmaga aýratyn üns berilýär.

«Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» eneleriň we çagalaryň reproduktiw sagdynlyga bolan hukuklaryny ykrar edýär we onda lukmançylyk kömeginiň üznüksizligine aýratyn üns berilýär. Munuň özi eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak bilen bagly meseleleri ilkinji gezek bir ýere jemlän strategik resminamadyr. Howply täze döremeleriň öňüni almak, olary ir ýüze çykarmak hem-de bejermek ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda adamyň papilloma wirusyna garşy sanjym 9 ýaşly oglanlara we gyzlara ulanylyp başlandy we oňa gözegçilik etmek ýola goýuldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan Türkmen-german forumlarynyň gün tertibinde hem ýurdumyzda täze döremeleriň öňüni almak boýunça geçirilen işleriň deslapky netijeleri barada çykyş edilýär. Bu ugurda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hünärmenleriniň öňdebaryjy tejribesini ulanmak hem-de özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Altymuhammet ANNAÝEW,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň direktory.