Türkmenistan «Kitap Duşenbe — 2023» atly Halkara kitap sergisine gatnaşdy

8 Oktýabr 2023
574

3 – 5-nji oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «Kitap Duşenbe — 2023» atly 11-nji Halkara kitap sergisi geçirildi. Serginiň işine Täjigistanda akkreditirlenen diplomatik korpus bilen Türkmenistanyň Ilçihanasy milli öwüşginde bezelen kitap diwarlygy bilen gatnaşdy.

Halkara kitap sergisinde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyna, şeýle hem döwletiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan kitaplar we neşirler hödürlendi.

Çeşme: mfa.gov.tm