Ýiti respirator keselinden goranmagyň usullary

8 Oktýabr 2023
563

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak we olaryň öňüni almak üçin her bir adam bedenini pasla görä taplamaly hem-de keselleriň geçip biläýjek ýollary barada habarly bolmaly. Ýiti respirator keseli näsag adamdan sagdyn adama ol asgyranda, üsgürende, gürleşende howa damja ýollary bilen geçýär. Kesel dörediji wiruslar bedene aralaşandan soň, keseliň döremegi adamyň immun ulgamyna bagly bolýar. Eger-de adamyň keselden goraýjylyk (immun) ulgamy ýokary bolsa, bedeniň özi wirusa garşy göreşip bilýär. Bedeniň immun ulgamy gowşak bolanda wirus ýokuşan gününden başlap, birnäçe wagt geçenden soňra, keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlaýar. Kesel umumy ysgynsyzlyk, beden gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi, burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kä halatlarda keseli özbaşdak bejermek bilen meşgullanyp, dürli antibakterial dermanlary içmek keseliň beterleşmegine, bedeniň immun ulgamynyň peselmegine, şeýle-de bedende witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirýär.

Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda lukman bilen maslahatlaşyp wirusa garşy derman serişdelerini içmeli, bu bolsa bedene ikinji ýokançlyklaryň ýokuşmazlygynyň, ýagny gaýraüzülmeleriň öňüni almaga kömek edýär. Wirusyň bedenden zyýanly täsirini aýyrmak üçin bedeni derlediji derman otlardan hem-de dürli miwelerden taýýarlanan melhemleri, şireleri içmek, В toparyna we C witamine baý bolan iýmitleri iýmek maslahat berilýär. Güýz aýlary Gün şöhlesiniň ýitiliginiň peselmegi, howanyň üýtgäp durmagy, adam bedeninde bar bolan dowamly keselleriň möwjemegine sebäp bolýar. Bedeni berkitmekde we stresden gaça durmakda 10-15 minutlyk irki beden maşklaryny ýerine ýetirmek, köpräk şowhunly gepleşiklere seretmek saglygyňyza saglyk goşar.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany.