Sagdynlyk — bagtyýarlygyň kepili

4 Oktýabr 2023
546

Ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenip, sagdyn ýaşlaryň kemala gelýändigi buýsandyrýar. Munuň özi döwletimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, bedenterbiýe we netijeli sporty ösdürmek, raýatlaryň sagdyn ýaşamaklary üçin ähli şertleri döretmek barada amala aşyrylan işleriň netijesidir. Gözel Diýarymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň many-mazmuny ynsan saglygy, sagdyn durmuş hakyndaky alada ýugrulandyr. 

Saglygy goraýyş babatdaky kanunçylyk pugtalandyrylýar, täze kanunlar kabul edilýär we kämilleşdirilýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnama, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama durmuşyň gözelligi bolan sagdynlyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny görkezýär.

Ata Orjyýew,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Bereket etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.