Derde melhem

4 Oktýabr 2023
476

Kädi adam bedeninde alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, iýmit siňdirişi çaltlandyrýar. Yzygiderli kabul edilende uglewod çalşygyny, öt ýollarynyň, bagryň, aşgazan-içege ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýar. Düzüminde köp mukdarda ösümlik ýaglaryny saklaýandygy sebäpli, kädi bedenden zyýanly galyndylaryň, gandaky holesterinleriň tiz çykarylmagyna ýardam edýär. Kädi hamyla gelinler, 7 — 10 aýlyk we ondan ýokary ýaşdaky çagalar üçin hem iňňän peýdalydyr.

Lukmanlar ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän adamlara howurpeçde taýýarlanylan kädiniň 200 — 250 gram möçberini yzygiderli iýmegi maslahat berýärler.

Suraý GURBANOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.