Ykjam telefonlary nädip ulanmaly?

4 Oktýabr 2023
675

Käbir düzgünler gyşarnyksyz berjaý edilende, ykjam (mobil) telefonlaryň bedene zyýanly täsirini azaltmak mümkindir. Ykjam telefonda bir gezekde 5 minutdan artyk gepleşmek maslahat berilmeýär. Ykjam telefony mümkin boldugyndan özüňden uzakda saklamaly. Ulagda el telefonlaryny ulanmakdan saklanmaly. Sebäbi metal korpusdan serpigip gaýdýan elektromagnit meýdanynyň täsiri has güýçli bolýar. Ýatanyňda ykjam telefony özüňden azyndan 1 metr uzaklykda goýmaly. Iň gowusy başga ýerde saklamaly. Ykjam telefonda gürleşeniňde, ony gulagyňdan 2-3 santimetr uzaklykda saklamaly. Hamyla aýallara öýjükli el telefonlaryny köp ulanmak maslahat berilmeýär. Jaňyň oňat tutmaýan ýa-da gepleşmek kyn bolan ýerlerinde (ýerzeminde, otluda, uçarda) öýjükli el telefonlaryny ulanmakdan saklanmaly. Çünki bu ýagdaýlarda enjamyň öz işini ýerine ýetirmegi kynlaşýar. Netijede, ol artykmaç şöhle goýberip başlaýar. Çagalara (iň bolmanda 10 ýaşa çenli) öýjükli el telefonlaryny ulanmaga rugsat bermeli däl.

Ykjam telefonlaryň täsirini azaldýan azyk önümlerini peýdalanmaly. Gök çaý şöhle kesellerine garşy güýçli täsir edýär. Esasan, telefonda gürleşilende, telewizora tomaşa edilende ýüze çykýan ses tolkunynyň täsirini aýyrýar. Antikanserogen (rak keselini dörediji maddalara garşy) we antioksidant häsiýetli mikroelementlere (ýod, kaliý, kalsiý, mis, selen, sink) witaminlere baý önümlere (kelem, käşir, ýeralma, gara garagat) ürç etmeli. Bedeniň kesele garşy durup bilijiliginiň pugtalanmagyna itergi berýän, howply çiş keselleriniň öňüni almaga ýardam edýän A, С, E witaminlerini, karotin prowitaminini kabul etmeli.

Begnazar HALJANOW,
Şabat etrap hassahanasynyň baş lukmany.