Hoşallyk maslahaty geçirildi

2 Oktýabr 2023
623

Welaýat köpugurly hassahanasynda hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň uly üstünliklere beslenmegi mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde öňe süren teklipleri saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň arasynda hem gyzgyn goldawa eýe boldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen bilelikde ynsan saglygyny goramak babatynda sazlaşykly işleri alyp barýar. Ýurdumyz bu ugurda baý tejribe toplap, ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we ýok etmekde ýokary netijeleri gazanýar.