Sagdynlyga uzaýan ýol

29 Sentýabr 2023
630

Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgesi islendik adam üçin uly ähmiýete eýedir. Adamzadyň barha kämilleşýän zamanasynda ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn iýmitlenmegi we sporty saýlaýanlaryň sany barha artýar.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. «Sagdyn bedende sagdyn ruh» diýlişi ýaly, sporty ömürlik hemrasy edinen adamlar tutanýerli we maksada okgunly bolup, hemişe üstünlige ymtylýar. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak bedeniň ähli agzalarynyň kadaly işlemegini üpjün edýär. Maşklary ýerine ýetirmek we dogry iýmitlenmek arkaly süňkleriň hem-de bogunlaryň berkidilmegi şikeslenmeleriň öňüni almaga ýardam edýär.

Bilbil ANNAGURBANOWA,
Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň uly hasapçysy.