Ýöremek — saglyk

28 Sentýabr 2023
755

Gyş paslynyň öň ýanynda saglygyňy berkitmekde altyn güýzüň her bir pursaty gymmatly. Munuň üçin güýzüň döredýän şertleri-de örän göwnejaý. Güýz bize dürli iýmişler bilen birlikde işdämiziň hemişe açyk bolmagy üçin ýakymly, salkyn howasyny-da hödürleýär. Şeýlelikde, bize gowy iýmitlenip, hemişe hereketde bolmak arkaly, saglygymyzyň aladasyny edäýmek galýar.

Ynsan bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýeterlik hereket wajyp bolup durýar. Şonuň üçin-de lukmanlar günüň dowamynda mümkin boldugyndan köpräk ýöremegi maslahat berýärler. Özi-de birsydyrgyn ýöremegiň peýdasynyň örän uludygyny, günüň dowamynda 5 kilometr töweregi ýöräp geçmegiň adamyň ömrüni uzaldýandygyny bu ugurdan ýörite tejribeleri geçirýän lukmanlar belleýärler. Sebäbi ýöremek bedendäki holesteriniň derejesini, gan basyşyny sazlaýar.

Arazjemal BEGNYÝAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk kafedrasynyň mugallymy.