Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler

22 Sentýabr 2023
489

Adam hakyndaky alada Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar hem-de jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar.

Mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlaryny netijeli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiz okgunly öňe barýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, keseli öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly derejede üpjün etmek, saglygy goraýyş edaralary üçin ýörite bilimli, öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzda kabul edilen Milli maksatnamalardyr meýilnamalar dürli ugurlar boýunça saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Taýýarlan Aýlar GYLYÇDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.