Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň guramagynda «Toýlar-toýa ulaşýar, Arkadag Serdarly Watanda» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Aýgül Ýagşyýewa bilen Dürjemal Çaňlyýewanyň, şeýle hem Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülşirin Annamyradowanyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabaraly maslahatyň has-da täsirli geçmegine ýardam etdi.