Gözellik we sagdynlyk

21 Sentýabr 2023
1022

Alma bilen banan adamlar tarapyndan iň köp ulanylýan iýmitdir. Bu miweler dürli ýokumlara baý bolansoň medisinada hem-de kosmetiki serişdelerini, esasanam, iýmitlendiriji kremleri öndürýän senagatda-da giňden ulanylýar. Taryhy maglumatlara salgylanyp, almanyň biziň eramyzdan öň hem adamlaryň iň söýgüli miwesi bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Onuň ýokumlylyk hem-de kesel bejerijilik häsiýeti hemmelere mälimdir. Ýatmazyňdan öň bir alma iýseň bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokarlanýandygyny hünärmenler aýdýarlar. Alma adamyň bedeninde bolup geçýän madda çalşygyny hem kadalaşdyrýar. Iýmit siňdirişiň bozulmalarynda, iç gatamada almanyň ter ýa-da gaýnadylan görnüşi örän peýdalydyr. Onuň düzümi askorbin turşusyna, magniý duzuna hem-de pektinlere baý bolansoň gandaky holesteriniň mukdaryny azaltmaga, aterosklerozyň öňüni almaga ýardam edýär. Edil şonuň ýaly-da, banan hem örän ýokumly hem peýdaly iýmitdir. Bananyň kakadylan miwesi has-da ýokumlydyr. Mundan başga-da, bananyň düzüminde B6 witamininiň hem-de ýürek-damar ulgamy üçin wajyp bolan kaliniň köp mukdary bardyr. Eger-de siz bananyň entek doly bişmedik görnüşini ýygan bolsaňyz, gamlanmaň. Ýyglan, durup saralyp bişen banan has-da datlydyr. Ýöne bananlar aşa bişmez ýaly, olary sowadyjyda saklasaňyz, kada laýyk bolar. MAO atlandyrylýan Seýşel adasy altynsow, gyzyl hem-de gara bananyň ösýän ýeke-täk mekanydyr. Banan allergiýa bermeýän ýeke-täk önümdir. Ol hatda kiçijik körpejeler üçinem howpsuzdyr. Ýöne kim süýji keselinden ejir çekýän bolsa, banan iýmeklik maslahat berilmeýär.

«Zenan kalby».