«Arçman» melhem paýlaýar

15 Sentýabr 2023
474

Ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Çünki saglyk islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Sagdyn adam ruhubelent, durmuşa, zähmete höwesli bolýar. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň berk binýady hasaplanylýar.

Ýurdumyzda özüniň melhemlik suwlary, palçyklary bilen tanalýan şypahanalar raýatlarymyza saglyk we medeniýetli dynç alşy paýlaýar. Şol şypahanalaryň içinde düzüminde birnäçe element bolan tebigy melhemlik suwy bilen tapawutlanýan «Arçman» şypahanasy hem watandaşlarymyza ýokary hilli hyzmat edýär. Şypahanada mineral suw arkaly dürli keselleriň bejeriş usullary bar.

Jahan AHMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet terapiýa kafedrasynyň assistenti.