Il saglygy — ýurt baýlygy

13 Sentýabr 2023
479

Mähriban adamlar, eziz ildeşler!

Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, bu pasylda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin, pasla görä geýinmegi, mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, kabul etmegiňizi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlarymyzy kabul etmegi, şeýle hem lukmanlaryň maslahaty esasynda keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.