Lukmanyň maslahaty

13 Sentýabr 2023
540

Şetdaly

Şetdaly pes kaloriýaly miwelere degişlidir, şonuň üçin ony horlanmak isleýänler ulanyp bilerler. Onuň 100 gramynda 45 kilokaloriýa bar, belok 0,9 gram, uglewod 9,5 gram, suwuň mukdary 86,1 gram, şeýle hem organiki kislotalar bar. Şetdaly witaminlere we minerallara baý iýmitdir. Onda E, A, Bl, B2, B5, B6, B9, witaminler, askorbin, nikotin kislotalary bar. Minerallardan kaliý, kalsiý, magniý, natriý, kremniý, fosfor, kükürt, hlor, demir, ýod, marganes, mis, sink, selen bar.