Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

11 Sentýabr 2023
540

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. Elleri hemişe arassa saklamaly. Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, dümew ýaly möwsümleýin ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.

Ýiti respirator ýokanç keseliň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar. Eger siz ýa-da maşgalaňyzyň bir agzasy ýiti respirator ýokanç kesel bilen näsaglan bolsaňyz, derhal lukmana ýüz tutmaly we diňe maşgala lukmany tarapyndan bellenen, ýöriteleşdirilen bejergini almaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.