Derde derman şypahanalar

16 Awgust 2023
379

Jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýşy üpjün etmek, ynsan saglygyny gorap saklamak döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň esasyny düzýär. Geçen sanlyja ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň jana şypaly tebigy çeşmelere we melhem serişdelere baý bolan welaýatlarynda döwrebap şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş ulgamynyň tutuş toplumlary döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Baýramaly», «Farap», «Arçman» şypahanalary we beýleki sagaldyş-bejeriş merkezleri halkymyza döwrebap hyzmat edýär. Köpetdagyň eteginde deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýän «Arçman» şypahanasynda 2009-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dört gatly täze bina açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Häzirki wagtda «Arçman» dünýä ülňülerine laýyk gelýän 920 orunlyk şypahana öwrüldi. «Arçman» şypahanasynda bejergi we dynç almak üçin ähli şertler döredilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, Arçman çeşmesi has-da täsirli bolup durýar we beýleki ýerlerden suwunyň himiki düzümi boýunça tapawutlanýar. «Arçman» şypahanasy aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryjy ýollary, daýanç-hereket synalary, nerw ulgamy bejermekde meşhurlyk gazanandyr. Şypahananyň bejeriş suwy hiliniň düzümi boýunça özüniň düzüminde kükürdi, hlory, gidrokarbonatlary, natrini, kalsini we magnini saklaýan suwlar toparyna degişlidir. Suwdan daşgary, bu ýeriň ýakymly howasy şypahananyň meşhurlygyny has-da artdyrýar. Köpetdagyň etegindäki ionlara baý howa adamyň bedenine ýakymly täsirini ýetirýär.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň baş ylmy işgäri.