Gök önümler — jana melhem

16 Awgust 2023
354

Lukman maslahat berýär

Bereketli türkmen saçagymyzda naz-nygmatlar bol bolup, olardan gaplanan önümleri zenanlarymyz öý şertinde taýýarlaýarlar. Gaplanan önümler açylanda tagamyna, çüýşedäki önümiň durulygyna, saklanyş şertine ünsli bolmaly. Eger-de gaplanan önümiň düzümi sähelçe-de üýtgän ýagdaýynda ony ulanmakdan saklanmaly. Ol dürli kesellere, esasan hem, iýmit zäherlenmesine we botulizm keseline getirip bilýär. Duzlanyp gaplanan hyýar adam bedenindäki duzuň mukdaryny ýokarlandyryp onuň netijesinde-de arterial gan basyşynyň ýokarlanmagyna we böwreklere nefrotoksik täsirini ýetirip, bedende çişleriň ýüze çykmagyna getirýär. Çüýşä gaplanan burçlar aşa köp iýlende aşgazan-içege kesellerine hem-de babasyl keseline getirip bilýär. Sarymsak adam üçin örän peýdaly, bedende immun ulgamyny ýokarlandyrýar we arterial gan basyşy pes adamlaryň gan basyşyny ýokarlandyryp bilýär. Çüýşä gaplanan önümler işdä has-da ýakyn bolup, gereginden artyk iýlen ýagdaýynda bedende dürli keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Nabat AGABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.