Baş aladamyz
Iýýän iýmitleriňiziň kada laýyk bolmagy biziň saglygymyzyň berk bolmagynda esasy orny eýeleýär. Çünki, witaminlere baý bolan iýmitleri iýmek biziň saglygymyz üçin örän peýdalydyr. Şeýle iýmitlere bagyr, balyk we ýumurtga, gök önümler degişlidir. Bu agzalan iýmitlerde adam saglygy üçin zerur bolan kalsiý, demir, ýod, mis ýaly minerallar bar.