Saglyk eşretli durmuşyň binýadydyr

16 Awgust 2023
447

Saglyk ynsana tebigatyň eçilen iň uly baýlygydyr. Ähli üstünlikleriň, rowaçlyklaryň sakasy hem saglykdyr. Şonuň üçinem eziz Diýarymyzda adam we onuň saglygy baş gymmatlyk hökmünde ähli zatdan ileri tutulýar. Lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary, iň ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş desgalary bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýär. Olarda ynsan saglygyny goramak, bejermek üçin ähli amatlyklar döredilendir. Şeýle hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahanalar, sport toplumlary, gojaman Hazaryň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezleri halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Ajaýyp zamanamyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport adamlaryň gündelik durmuş ýörelgelerine öwrüldi. Ýaramaz endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuşy wagyz etmek boýunça dürli çäreler geçirilip, olarda ýaşyna, kärine garamazdan, ähli raýatlar işjeňlik görkezýärler. Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli ösüp, kemala gelmegine aýratyn uly üns berilýär hem-de munuň üçin ähli şertler döredilýär. Munuň şeýledigine Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem şaýatlyk edýär. Bu merkez mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň saglygyny dikeldiş işlerini utgaşykly alyp barmak bilen, olaryň adaty durmuşa goşulmaklaryny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bolsa ýurdumyzda nurana geljegimiz bolan çagalar baradaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny subut edýär.

Dawutdurdy Tagandurdyýew,
Esenguly etrap hassahanasynyň baş lukmany.