Sagdynlyk — bagtyýar durmuşyň höziri

14 Awgust 2023
426

11-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de «Awaza» sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Säher bilen Günüň dogýan çaglarynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan üçin ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda ýokary ekologik derejäni saklamak boýunça giň gerimli işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli welosipedli gezelenç etmegi ýaşlar üçin nusgalyk bolmak bilen, tutuş dünýäde meşhurlykdan peýdalanýan hem-de ekologik taýdan arassa bolan welosiped sportuny ýurdumyzda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

«Nesil».