Gök önümleri hem-de miweleri köpräk iýiň!

14 Awgust 2023
343

Ine, lukmanlaryň kesellerden goranmakda tekrarlaýan sözleri. Ýylyň ähli paslynda-da miweleri we gök önümleri iýmek örän möhümdir. Çünki olaryň köpüsinde kalsiý, magniý, demir, sink bolýar. Şonuň üçin olary ter görnüşinde iýmek has peýdaly. Adamlara her gün azyndan 400 gram miwe we gök önümleri iýmek maslahat berilýär. Olaryň bir görnüşi beýlekisiniň ornuny tutmaýar, her biriniň adam bedenine peýdasy uly.

Pomidor adam saglygyna örän nepli bolup, düzüminde A, C, K, B1, B3, B6, B7 ýokumlary, şeýle-de demir, sink, magniý elementlerini saklaýar. Ol gan-damar ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar, böwregiň oňat işlemegine ýardam berýär. Ýürek keseliniň döremek howpuny azaldýar, iýmit siňdiriş ulgamyna we bagra kömek edýär. Pomidoryň baý düzümi deriniň sagdyn bolmagyna kömek edýär we düwürtikler bilen göreşmäge ukyplydyr. Onuň şiresi gandaky C witamininiň mukdarynyň artmagyna ýardam etmek bilen, bedeniň immunitetini güýçlendirýär. Süňklerdäki kalsiý ýetmezçiliginiň öwezini dolmakda hem pomidoryň täsiri uludyr. Saçyň gowy öwüşgin atmagy we ýumşak bolmagy üçin biziň gündelik iýmitimize K witamini gerek bolýar. Saçymyzyň çalt ösmegi we gür bolmagy üçin pomidoryň şiresini içmek maslahat berilýär.

(Ýörite habarçymyz).