Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

12 Awgust 2023
1141

Awaza, 11-nji awgust (TDH). Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.