Gün şöhlesinden goranyň!

11 Awgust 2023
425

Tomus paslynda howanyň gyzmagy netijesinde Gün urma howpy has ýokary bolýar. Ol islendik ýaşdaky adamlarda ýüze çykyp bilýär.

Gün uranda kellagyry, gyzgynyň galmagy, ýürek bulanma, gaýtarma we gan basyşyň beýgelme alamatlary ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlar ýüze çyksa, haýal etmän maşgala lukmanyna jaň etmeli. Çagalarda Gün urmasy ýaş aýratynlygyna görä üýtgeýär, ýagny ýüzi gyzarýar, bedeniň gyzgyny çalt ýokarlanýar, ýürek bulanma, ukusyzlyk, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar peýda bolýar.

Lýudmila GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.