Tomsuň çogly günlerinde

9 Awgust 2023
447

Günurma ýylylyk urmanyň aýratyn görnüşi bolup, Gün şöhleleriniň gönüden-göni beýnä täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Beýniniň aşa gyzmagy sebäpli, onuň gan damarlary giňäp, beýniniň gan bilen dolmagy bolup geçýär. Onuň netijesinde beýniniň çişmegi ýüze çykýar. Uly bolmadyk gan inmeler merkezi nerw ulgamynyň işine şikes ýetirip bilýär.

Merkezi nerw ulgamynyň dürli şikeslenmeleri, semizlik ýagdaýy, serhoş ýa-da çendenaşa dok ýagdaýda Günüň aşagynda gezmek, fiziki zähmet bilen meşgullanmak, tomus paslyna görä geýinilmedik ýagdaýynda, ýokary temperaturada iýmit we suwuklyk kabul etmek düzgüni bozulanda Günurmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Şeýle-de Günurmanyň ilkinji alamatlary, uzak wagt Günüň aşagynda bolnandan 2–— 10 sagatdan soň ýüze çykýar. Ilkibada umumy ysgynsyzlyk, kellagyry, başyň aýlanmagy, arkada we aýakda agyrylar, gulagyň şaňlamagy, gözüň garaňkylamagy ýaly alamatlar döreýär. Gün uran adamyny howa ýetmeýän ýaly duýgy gurşap alýar, ýüregi çalt urup başlaýar, güýçli teşnelik duýýar. Agyr ýagdaýlarda adamyň ýüzi gögerip, dem alşy bir minutda 60 — 70 gezege ýetýär we adam huşuny ýitirýär. Nerw ulgamynyň zeperlenmegi netijesinde tutgaýlar, samrama, gözüňe zatlaryň görünmegi (gallýusinasiýalar) ýaly ýagdaýlar döräp biler. Bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Onuň yzysüre adamda dem alşyň we ýüregiň işiniň kynlaşmagy ýüze çykýar.

Dursun GÜLSARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji Saglyk öýüniň lukmany.