Saglygy goraýyş ulgamy täze belentlikleri nazarlaýar

9 Awgust 2023
418

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilen we geçirilýän özgertmeleriň netijesinde onuň berk binýady kemala geldi. Munuň özi berkarar döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyna dünýäniň gazanan iň oňat tejribeleriniň ornaşdyrylýandygynyň kepilidir. 

«Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamy belent sepgitleri nazarlaýar. Ata Watanymyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek boýunça köptaraplaýyn işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysallar örän köp. Jana hoştap howaly Köpetdagyň eteginde gurlan, özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýan Arkadag şäherinde ylmyň gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylyp gurlan saglygy goraýyş binalary adam saglygy barada uly alada edilýändiginiň subutnamasy bolup dabaralandy. Olaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 350 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň bolmagy «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Nurbibi Atabaýewa,
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe hassahanasynyň akuşer-ginekolog lukmany.