Gawun

8 Awgust 2023
417

Tomus möwsümi dürli bakja we gök önümlerine, miwelere baýdyr. Türkmeniň mele topragynyň mährinden, nurly Günüň çogundan, ilimizde altyn damja deňelýän suwuň neminden geregini inine siňdiren jana şypaly ösümlikler melhemlik häsiýeti bilen-de tapawutlanýarlar. Şu günler, esasan-da, gawun-garpyz möwsümi bolup, şol nygmatlar saçaklarymyzyň berekedini artdyrýar, teşneligiňi gandyrýar, datly tagamy paýlaýar.

Gawun diňe datly tagamy bilen däl, eýsem, adam saglygyna peýdalydygy bilen hem ähmiýetlidir. Onuň düzüminde A, C, E, PP, B witaminleri, foliý turşusy, marganes, kaliý, magniý, demir we kalsiý ýaly mineral maddalar bar. Gawunyň düzümindäki kaliý we magniý ýüregiň işleýşini, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Önümdäki A witamini gözüň, deriniň, süňkleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Düzümi dürli witaminlere, mineral maddalara, ýeňil özleşýän uglewodlara baý bolan gawun böwrekde daşlaryň bolmagynda, bagyr keselinde, ýokary gan basyşynda, rewmatizmde, nerw dartgynlylygyň öňüni almakda peýdalydyr. Bary-ýogy 100 gram gawunda adama günüň dowamynda gerek bolan С witaminiň dörtden bir bölegi bolup, ol kesellere garşy göreşijilik ukybyňy artdyrýar, bedeni wiruslardan hem-de bakteriýalardan goraýar, ýaranyň bitmegine gowy täsir edýär, sowuklamanyň öňüni alýar. Gawun ganazlykda, aterosklerozda örän peýdalydyr, gan damarlarynda dykyn emele gelmesiniň öňüni alýar.

Çaryýar ALLABERDIÝEW,
Ahal welaýat ýörite inçekesel hassahanasynyň lukmany.