«Baýramaly» — hem sapaly, hem şypaly

7 Awgust 2023
553

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheri diňe bir özüniň kuwwatly senagat kärhanalary, gadymy ýadygärlikleri bilen däl-de, eýsem, çawy alyslara ýaýran adybir «Baýramaly» şypahanasy bilen hem bellidir. Şypahana, aslynda, ýürek, gan-damar, böwrek kesellerinden ejir çekýänleriň saglygyny berkitmek maksady bilen açylan bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2010-njy ýylda onuň örüsi giňäp, dünýä halklarynyň arasyndaky at-owazasy has-da ýokary göterildi. Bu ýere Ýewropa döwletlerinden, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryndan, şonuň ýaly-da, Diýarymyzyň çar künjeginden dynç almaga, saglygyny berkitmäge gelýänleriň sany artdy.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, şypahananyň durky düýpgöter täzelenip, döwrebap ýagdaýa getirildi. Bu ýerde öňden bar bolan sagaldyş merkezlerinde, wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynda we gaýry binalarynda düýpli abatlaýyş, bejergi işleri geçirilip, her biri 250 orunlyk iki sany döwrebap wagtlaýyn ýaşaýyş jaý toplumy guruldy. Bu hem şypahana gelýän müşderileriň sanynyň 800 adama çenli artmagyna we onda berilýän bejergileriň görnüşleriniň 60-dan aşmagyna ýol açdy. Şu günki gün bu şypahanada 800 töweregi adam dynç almak bilen, öz saglygyny berkidýär. Müşderilere lukmanlar döwrebap derejedäki lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýärler. «Lukmanyň diňe eli däl, dili hem melhem bolmalydyr» diýip belleýişleri ýaly, olar her bir raýat bilen sypaýy gürleşip, dogry bejergi almagy maslahat berýärler. Bu bolsa, adamlaryň saglyklaryny berkidip, göwnühoş bolup gitmegine ýardam edýär.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.