Awazada çagalaryň gülküsi ýaňlanýar

4 Awgust 2023
429

«Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip nygtaýan Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil üçin döredilýän şert-mümkinçilikleriň dünýä nusgalykdygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Munuň şeýledigine häzirki wagtda gyzykly hem-de ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş bermek bilen gyzgalaňly dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň çar künjegindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döredilen döwrebap şertler bilen tanyş bolanyňda hem aňryýany bilen göz ýetirmek bolýar.

Şeýle unudylmajak ýakymly pursatlar Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky gözelligi bilen görenleri haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da biri-birine ulaşýar. Bu ýerdäki amatlyklar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň arzuwlaryň hasyl bolýan mekanydygy baradaky hakykatyň ajaýyp dabaralanmasydyr.

Öz habarçymyz.