TOMUS IÇIMLIGI

4 Awgust 2023
462

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy netijesinde biziň geýnişimiz bilen birlikde iýmitleniş kadalarymyza hem birnäçe üýtgeşmeler girizilýär. Lukmanlaryň maslahat bermeklerine görä, tomus paslynyň yssy günlerinde suwy we suwuk önümleri ýeterlik mukdarda kabul etmelidir. Mälim bolşy ýaly, tomus pasly dürli görnüşli miwelere, ir-iýmişlere, gök önümlere baý pasyl. Şol sebäpli hem bu pasylda birnäçe işdäaçyjy içgileri taýýarlamaga mümkinçilik bar. Şeýle içgileriň biri-de narpyzly limonaddyr. Narpyzly limonad suwsuzlygyňy gandyryjy we serginlendiriji içgi bolup, düzümindäki narpyz içgä ýakymly tagam we hoşboý ys berýär. Bu içgini taýýarlamak örän ýönekeý we az wagty talap edýär.

|Gerekli önümler: