Binagärlikde döredilýän islendik taslama işine sungat eseri hökmünde garalýar. Binagärlik bilen şähergurluşygynyň arasynda birnäçe tapawutly aýratynlyklar bar. Şähergurluşyk taslamasy özüniň göwrüminiň ululygy, şeýle hem göz öňüne tutulmaly şertleriň derejesiniň has ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Şähergurluşyk taslamasy binagäriň döredijilikli pikirleriniň, garaýyşlarynyň netijesinde emele gelýär. Onuň esasy maksady bolsa, ilata ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin zerur bolan ähli amatly şertleri döretmekden, şeýle-de ony dogry meýilleşdirmekden, ýerleşdirmekden ybaratdyr.
Owadan Arkadag şäheriniň şäher giňişlik gurşawy ynsan üçin ähli amatlyklary döretmäge oňaýlydyr. Bu şäherde binalar we desgalar bilen bir hatarda köçeler, ýerasty-ýerüsti geçelgeler, pyýada ýollar we seýilgählerdir meýdançalar özara arabaglanyşyklydyr. Şäherde ýerleşdirilen binalar beýikligi, saýlanyp alnan geometrik göwrümleri, reňkleri taýdan gaýtalanmajak sazlaşygy emele getirýär. Binalaryň beýikliginiň biri-birinden tapawutly ýerleşdirilmeginiň bolsa, şäheriň howa çalşygyny üpjün etmekde uly ähmiýeti bardyr. Mundan başga-da, bu ulgama birnäçe beýleki düzümler: monumental-bezeg sungatynyň ajaýyp eserinden başlap, şäheriň we abadanlaşdyrmanyň ýönekeýje elementleri hem girýär.