Öýüm — döwletim

3 Awgust 2023
519

Hergiz gürrüňçilikde «Her döwür bir döwür» diýläýmesi bar. Çünki bu gadymy halk zaman-zaman, eýýam-eýýam, döwür-döwür günüň gatysyny başynda döwüp, asyrlaryň, ýyllaryň, ýollaryň synagyna dözüp, taplanan halk. Halky halk edýän zat bolsa, onuň erki, islegi. Akyldaryň: «Köp garaşdym, ajap eýýam gelmedi» diýen setirleri elbetde, şeýle erk-islegiň netijesi hasaplamak dogrudyr.

«Ýere nobat, äre nobat» sözi daýhançylyk hakda ýalydyr weli, çeperçilik gymmaty jähtden seljerseň, onuň many-maňyz ýordumynyň il-günüň göwün matlabyna muwapyk bir pähimdigini duýup bolýar. Bu gadymy il-günüň göwün matlaby bolsa, Pyragy atamyz aýtmyşlaýyn, «Köp garaşylan, ajap eýýamdy». Ol geldi. Özem taryh üçin uly bolmadyk müddetiň dowamynda alkyş aýdarlyk, ýüze sylarlyk işler edildi. Türkmenistanyň kartasynda dürli ýyllarda tarpdan, täze etraplar döredildi.

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW,
publisist. Surata düşüren Maksat GYLYJOW.