Baýramgül WELIÝEWA, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy:

3 Awgust 2023
595

— Taňryýalkasyn, hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz. Üç oglumyň üçüsine-de jaý berdiler. Gupba ýaly jaýlar. Ata-baba görlen zat däl bi. Begenjimizden ýaňa gije-gündiz ýatamzogam, düýşümizmikä diýip.Ömrümize görmedik zatlarymyz, uzagyndan guwandyrsyn!

Özüm 1957-nji ýylda doglan, 3 gyzym, 3 oglum, 16 agtygym bar. Öňler kynlyk bilendi jaýly, öýli-işikli bolaýmak. Täze jaýlar diňe bir jaý däl-de, olaryň içem doly — sowgat bary bar. Aşhana mebeli diýjekmi, sowadyjy diýjekmi, kir ýuwujy maşyn diýjekmi... Haýsy jaýa girseň içi salkynjak. Garaz, öý hojalygyna degişli hemme zadymyz üpjün. Düşümli bolsun, ylaýym!