Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

2 Awgust 2023
514

Çilimiň adam bedenine ýetirýän zyýany bimöçberdir. Gynansak-da, onuň tüssesinde saklanýan zyýanly maddalar diňe bir çilimkeşiň däl, eýsem, onuň bilen aragatnaşykda bolýan adamlaryň, maşgala agzalarynyň hem saglygyna ýaramaz täsir edýär. Muňa olaryň çilim çekilen jaýda uzak wagt bolmagy, tüsseli howadan dem almagy sebäp bolýar. Adam çilim çekende zäherli maddalaryň 20 — 25 göterim töweregi bedenine aralaşýar, galan bölegi howa ýaýraýar. Diňe bir çilimkeşiň özi däl-de, eýsem, onuň ýanynda bolup, çilimiň tüssesi ýaýran howadan dem almaga mejbur bolýan adamlar hem zäherlenýär. Şeýle ýagdaý «passiw çilimkeşlik» diýlip atlandyrylýar. Passiw çilimkeşlik, aýratyn hem, çagalar üçin howply bolup, bu ýagdaý uzak wagtlap dowam edende, olarda bronhial, demgysma bronhit ýaly keselleriň döremek we ösmek ähtimallygy ýokarlanýar.

Bu zäherli önüm işdäňi kemeldip, iýmitiň siňmegini kynlaşdyrýar, aşgazan-içege ulgamynda ýaralaryň döremegine getirýär. Dowamly demgysma, üsgülewük, ýürek urgularynyň üýtgemegi, tahikardiýa (pulsuň ýygylaşmagy) ýaly näsazlyklaryň, bronhit, öýken sowuklama, infarkt, insult ýaly keselleriň döremegine, agyrlaşmagyna uly täsir edýär. Çilimiň tüssesindäki zäherli maddalar çilimkeşiň daşky keşbinde-de üýtgeşmeleriň ýüze çykmagyna getirýär: dişleri saralýar, owranyp dökülýär, dyrnaklar port, döwülegen bolýar, saçlary düşýär, tebigy öwüşgini ýitýär, derisi solgun reňke eýe bolýar, agyzdan, saçlardan, egin-eşikden ýakymsyz ys gelýär... Çilim tüssesinde zäherli himiki maddalaryň köp sanlysynyň bardygy mälimdir. Olar dürli beden agzalarynyň howply döremeleriniň köp görnüşiniň ýüze çykmagyna sebäp bolýarlar. Olara dodaklaryň, agyz boşlugynyň, damagyň, bokurdagyň, gyzylödegiň, öýkenleriň, böwrekleriň, bagryň, peşew haltasynyň, süýt mäzleriniň, ýatgynyň we onuň boşluklarynyň, erkeklerde prostatanyň (erkek jyns mäzi) howply täze döremeleri we gan keselleriniň käbir görnüşleri degişlidir.

Mahym KADYROWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.