Yssy howada özüňizi goraň!

2 Awgust 2023
554

Şu günler tomus paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň aşa gyzmagy sebäpli saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagymyz gerek.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, yssy howada bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Köp mukdardaky suwuklygyň deriň üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna we insult, infarkt keselleriniň döremegine-de sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin tomsuna günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmelidir. Günurma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda ýeňil, rahat, nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmek peýdalydyr. Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, aşa sowuk içgileri içmek düýbünden gadagandyr.