D witamini we onuň süýjüli diabetiň öňüni almakdaky ähmiýeti

29 Iýul 2023
587

Süýjüli diabetiň ýüze çykmagynyň birnäçe sebäpleri bardyr. Şolaryň içinde iň köp ýaýrany hem semizlikdir. Şeýle-de D witamininiň ýetmezçiligi süýjüli diabetiň ýüze çykmagyna getirýän esasy sebäpleriň biridir.

D witamini iki usul bilen adam bedenine düşüp bilýär: holekalsiferol görnüşinde deride Günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsiri netijesinde emele gelýär we ergokalsiferol görnüşinde iýmit arkaly kabul edilýär. Ýöne olaryň ikisi-de prowitamin bolup durýar. Ýagny D witaminiň işjeň däl görnüşidir. Onuň işjeň görnüşine geçmegi üçin holekalsiferol ilki bagyrda 25-gidroksiholekalsiferola, soňra böwreklerde digidroholekalsiferola öwrülýär. Diňe şondan soňra D witamini bedende özleşip başlaýar. Kadada ol sagdyn adamlarda 30-dan 100 ng/ml çenli aralykdadyr.

Selbi HUDAÝGULYÝEWA,
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň endokrinolog lukmany.