Düýe çaly

29 Iýul 2023
663

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — melhemler mekany» atly gymmatly eserinde düýe çalynyň bedeniň goraglylygyny ýokarlandyrmakda, immuniteti pugtalandyrmakda, köp keselleriň öňüni almakda deňi-taýy bolmadyk içgi hökmünde asyrlarboýy uly meşhurlyga eýe bolup gelendigini belleýär.

Hakykatdan-da, düýe çaly diňe bir ajaýyp, tagamly iýmit önümi däl-de, eýsem, keselleri bejeriji we olaryň öňüni alyjy serişde bolup durýar. Bu içgi yzygiderli içilende bedeniň kesellere garşylyk görkezijiligi ýokarlanýar, adamyň özüni duýşy gowulanýar, sklerozyň, süýjüli diabetiň, awitaminozyň (witamin ýetmezçiligi), guragyrynyň, dowamly gastritiň, kolitiň we beýleki aşgazan-içege keselleriniň döremek howpy azalýar. Ol inçekeseliň, howply we howpsuz çişleriň, köp sanly nerw, ýürek-damar, öýken keselleriniň bejergisiniň netijeliligini artdyrýar, olara garşy durmaga ýardam edýär.

Maýsa Ýalkapowa,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.