Göwrelilik döwründe nähili iýmitlenmeli?

29 Iýul 2023
1160

Mälim bolşuna görä, entek dogulmadyk çaga ýatgydaky kadaly ösüşi üçin zerur gerek bolan peýdaly maddalary enäniň gany arkaly kabul edýär. Diýmek, göwreli aýalyň gündelik iýmiti diňe bir özüniň däl-de, eýsem, çaga bedenjiginiň hem talabyny ödeýän derejede kämil bolmaly. Munuň özi geljekki enäniň göwrelilik döwründe adatdakysyndan köp iýmelidigini däl-de, onuň gündelik iýmitiniň dürli-dürli, ýokary hilli, peýdaly maddalara baý, zyýanly garyndylar goşulmadyk tebigy önümlerden ybarat bolmalydygyny aňladýar.

Göwreli aýalyň gündelik iýmitiniň energetiki gymmatlylygy takmynan 2400 kilokaloriýa barabar bolup, onuň düzüminde beloklar, uglewodlar, ýaglar, witaminler, makro-mikroelementler ýeterlik mukdarda saklanmalydyr. Göwreliligiň birinji ýarymynda iýmit arkaly beloklary 100 gramdan az bolmadyk mukdarda, ikinji ýarymynda bu maddalaryň 120 grama golaýyny kabul etmeli. Şeýle talaby kanagatlandyrmak üçin ýagsyz etiň ýa-da balygyň 150 gramyny buglap ýa-da gaýnadyp iýmeli. Allergiýa döretmeýän bolsa günüň dowamynda 1 sany ýumurtga iýmek mümkindir. Ýarym litre çenli gatyk (kefir, rýaženka) içmek peýdalydyr. Beloklar peýnirde, doragda, kösükli ösümlikleriň önümlerinde, hozuň dürli görnüşlerinde, çigitde hem bardyr.

Güljahan HOJAMBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň müdiri.