Näme üçin antibiotiklere durnuklylyk döreýär?

29 Iýul 2023
560

Antibiotikler bakteriýaly ýokançlara garşy täsire eýe bolan derman serişdeleridir. Olar köp ýyllaryň dowamynda kesel dörediji mikroorganizmlere garşy bejergide üstünlikli ulanylyp gelinýär.

Şeýle-de bolsa, bu dermanlaryň uzak wagtlap we köp mukdarda peýdalanylmagy bedene zyýanly täsir edip, içegäniň mikroflorasynyň zeperlenmegine, peýdaly bakteriýalaryň azalmagyna, immunitetiň peselmegine getirip bilýär. Olaryň käbir görnüşleri beden öýjükleriniň diwarjyklaryny zeperlendirýär. Antibiotikleriň iň uly zyýany bolsa kesel dörediji bakteriýalaryň bu dermanlara durnukly ştammlarynyň (görnüş) döremegine sebäp bolýandygy bilen baglanyşyklydyr. Başgaça aýdylanda, mikroblara garşy bejergide dermanlara durnuklylyk döreýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hünärmenleri bakteriýalaryň antibiotiklere durnuklylygyny adamlaryň we haýwanlaryň saglygyna uly howp salýan ýagdaý diýip hasaplaýarlar. Iýmit önümleriniň howpsuzlygy boýunça Ýewropa lukmançylyk gullugynyň hem-de Keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Ýewropa merkeziniň hasabatlarynda iýmit önümlerinde, ot-iýmde, mal biomateriallarynda ýüze çykarylan salmonellalaryň, kampilobakteriýalaryň, içege taýajyklarynyň, altynsow stafilokoklaryň ampisilline, streptomisine, siprofloksasine, norfloksasine, doksisikline, tetrasikline ýokary durnuklylyga eýe bolup durýandygy bellenildi.

Baýmyrat BEGMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.