Deňiz çagyrýar...

29 Iýul 2023
523

Amyderýa bilen Hazar deňziniň arasynda ýerleşen ägirt uly giňişligi eýeleýän ülkämiziň tebigatynyň waspy beýik akyldar, türkmen halkynyň parasatly nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde görnükli orny eýeleýär. Şahyr özüniň «Türkmeniň» atly şygrynda Diýarymyzyň tebigy gözelligini türkmeniň gara dagdan inýän siliniň, al-ýaşyl öwüsýän, anbar ysly ýaýlasynyň, reýhana gark bolan sährada çyrpynyşýan ner-u maýasynyň keşbi arkaly suratlandyrýar. Akyldar şahyrymyzyň «Jeýhun bilen, bahry — Hazar arasy» diýen setirlerinde Köpetdagdyr Köýtendagyň, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, kölleridir çeşmeleri, Amyderýanyň, Murgabyň, Hazaryň suw ösümlikleridir jandarlary hem-de olaryň adam saglygyna täsiri, ýurdumyzyň tebigy goraghanalary göz öňüňe gelýär.

Deňziň ynsan saglygyna fiziki we ruhy taýdan sagaldyjy täsir edýändigi mälimdir. Bu babatda Hazar deňzi öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Aýsoltan Ýagmyrowa,
Aşgabat şäheriniň 14-nji saglyk öýüniň baş lukmany.