Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranalyň!

26 Iýul 2023
348

Tomus paslynda howanyň derejesiniň aşa ýokarlanmagynyň netijesinde, Günüň şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin hem yssy, jöwzaly tomus günlerinde Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnaýan çagalarda ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlarda Gün urma bolýar. Aslynda, Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini döreýär hem-de tebigy taýdan ýüze çykýan sussupesligiň öňüni alýan maddalar emele gelýär.

Gün urma daşarda uzak wagtlap Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilen çagy bolup bilýär. Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, kelle beýniniň gyzmagyna getirýär. Gün urma bolanda kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, demgysma, endam agyrylary, göz görejiniň ulalmagy, gaýtarma ýaly alamatlar bolýar. Günüň şöhlesiniň aşagynda uzak wagt gezilse, merkezi nerw ulgamyna zeper ýetýär, demgysma peýda bolýar, adamyň ýüz keşbiniň reňki üýtgäp, kähalatlarda huşuny ýitirme ýagdaýyna çenli hadysalar ýüze çykýar. Şeýle alamatlar bolanda haýal etmän ilkinji kömegi bermeli we «Tiz kömegi» çagyrmaly.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.