Il saglygynyň goragynda

21 Iýul 2023
436

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminde «Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş-üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak» maksatnamasynyň çäklerinde duşuşyk guraldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen bu duşuşyga jemgyýetiň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň oňyn netijeleri barada gürrüň edildi. Şeýle-de lukmanlar näsaglaryň saglygyny berkitmek, ýokançly keselleriň öňüni almak boýunça meýilleşdirilýän möhüm çäreler barada aýtdylar. Duşuşygyň dowamynda agzalan Maksatnamanyň çäklerinde näsaglara derman serişdelerini paýlamak, olaryň durmuş goraglylygyny berkitmek işleriniň sazlaşykly dowam etdiriljekdigi nygtaldy.