Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy

21 Iýul 2023
440

Sportuň her bir adamyň durmuşynda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetiň durmuşynda-da eýeleýän orny örän uludyr. Sagdynlygy we sporty jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletimiz hem okgunly ösüşleri gazanýar. Şol bir wagtda sport işewürlikde üstünlige ýetmek üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Çünki sport we bedenterbiýe bilen meşgullanylanda, tertip-düzgünlilik, erklilik, tutanýerlilik, maksada okgunlylyk häsiýetleri kemala gelýär.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde eziz Diýarymyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwrebap sport desgalarynda tälim alýan ýaşlarymyz dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrýarlar. Paýtagtymyz Aşgabatda halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi bolsa jemgyýetimizde sport we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň has-da rowaçlanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we beýleki iri halkara ýaryşlarynyň üstünlikli geçirilmegi-de şol hakykaty doly tassyklaýar.

Setdar SETDAROW,
TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.