Arkadag — saglyk mekany

20 Iýul 2023
641

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgäniň miwelerini ajaýyp zamanamyzyň eşretlerinden gülleýän Diýarymyzyň islendik künjeginde görmek bolýar. Bu günki gün «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, raýatlarymyza lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna görä guralmagy üpjün edilýär. Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek bilen baglanyşykly amala aşyrylan işler göwnüňi ganatlandyrýar. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, bejeriş-sagaldyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Täze gurlan we durky täzelenen şypahanalar, Hazar deňziniň kenarynyň bezegine öwrülen gözel Awaza bu gün ynsanlara saglyk, bagtyýar durmuş paýlaýar. Ajaýyplyklar mekany bolan Arkadag şäheri bolsa ynsanlaryň saglygyna gönükdirilen işleriň bu toprakda dowamly boljakdygyny dünýä ýüzüne ýene bir ýola äşgär etdi.

Arkadag şäheriniň düýp özeninde sagdynlyk ýörelgesiniň durandygyny belläsimiz gelýär. Sebäbi bu şäherde Gahryman Arkadagymyz turuwbaşdan tebigatyň tämizliginiň üpjün edilmelidigini belläpdi. Bu bolsa şol bir wagtda halkyň saglygynyň hem aladasy bolup durýar. Köpetdagyň eteginiň tämiz howasy, ekologiýanyň arassalygy nazarlanyp döredilen döwrebap tehnikalaryň — elektromobillerdir elektrobuslaryň hereket etmegi, bagy-bossanlyklar, iň häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin zerur bolan ähli amatlyklaryň döredilendigi... bularyň ählisi Arkadag şäherini sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäherine öwürdi.

Selbi HOJAGULYÝEWA,
Daşoguz welaýat deri-wenerologiýa hassahanasynyň lukmany.